«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek boýunça çäreler giň gerime eýe bolýar. Şanly ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminamanyň çäklerinde geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň öz göwün söýen sport görnüşleri bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler bar. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çuňňur ornaşmagyna öz täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzda sport desgalarynyň ençemesi guruldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurulýan desgalaryň arasynda-da birnäçe sport desgalarynyň hem bolmagy bizi has-da begendirýär. Täze gurulýan mekdeplerdir çagalar baglarynda häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zallary, basketbol, woleýbol, tennis meýdançalary göz öňünde tutulýar. Bu döwletli işler ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda sporta bolan höwesi has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän aladalardan ruhlanýan ýaşlar Diýarymyzyň sport ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy özleri üçin uly bagt hasaplaýarlar. Döredilýän ähli şertlerdir mümkinçilikler üçin olar Gahryman Arkadagymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdýarlar.