Işler gyzgalaňly barýar

28 Aprel 2021
1530

Serdar etrabynyň edermen babadaýhanlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Munuň üçin şu günler ekin meýdanlarynda gyzgalaňly zähmet möwç urýar. Bahar paslynyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanyp, ideg edýän kärende ýerlerinde gowaça ekişini irki möhletlerde tamamlan daýhanlar gögeriş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alyp barýarlar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri-de Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» hususy kärhanasydyr. Bu kärhananyň ekerançylary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan tutulýan ýylynda Serdar etrabynyň çäklerinde 2300 gektar meýdanda gowaça ekişini üstünlikli tamamladylar. Biz hususy kärhananyň ekerançylyk meýdanlaryna baryp, daýhanlaryň zähmeti, kuwwatly daşary ýurt tehnikalary arkaly işleriň alnyp barlyşy bilen gyzyklandyk. Şonda hususy kärhananyň ýolbaşçysy Arazberdi Amanmämmedow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol daşary ýurt tehnikalarynyň 58-si bilen ekin meýdanlarynda iş alyp barýandyklaryny, olardan başga-da ekiş gurallarynyň we beýleki tehniki enjamlaryň hem hususy kärhananyň öz hasabyna degişlidigini, şu ýyl gowaça ekilen ýerleriň her gektaryndan 20-25 sentner hasyl almagy maksat edinýändiklerini buýsanç bilen aýtdy.

Süleýman HANGELDIÝEW,
Serdar şäheri.
Beýleki habarlar