Ýaş pileçiler görelde bolýarlar

28 Aprel 2021
1613

Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, pile tabşyrmagyň meýilnamasyna abraý bilen hötde gelýän Tagtabazar etrabynyň pileçileriniň yhlaslary ýerine düşýär. Geçen ýylky gazanan zähmet üstünlikleri bilen ruhlanan pileçilerimiziň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da gadamlary batly, ümzükleri öňe. Munuň şeýledigine olaryň şu günlerki döredijilikli zähmetlerini göreniňde-de doly göz ýetirýärsiň.

Senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ýokary hilli piläni taýýarlamakda etrabymyzyň pileçileri uly ynam, aýdyň maksat bilen işleýärler. Bu işde ýaş pileçilerimiziň goşantlarynyň uludygy hem buýsandyrýar. Üstümizdäki ýylda etrabymyzyň pileçileri 32851 gram gurçuga ideg edýärler. “Marçak”, “Ýaşlyk”, “Azatlyk”, “Pendi” we beýleki daýhan birleşikleriniň pileçi ýaşlary ýokary hilli pile almak üçin eýeçilik edýän gurçuklaryna yhlasly ideg edýärler. Arassa hem belli bir ýylylykdaky jaýlarda gurçuklar kadaly iýmitlendirilýär.

Beýleki habarlar