Dowarlaryň ýaz gyrkymy

13 Aprel 2021
1352

Maldarçylykda dowarlaryň gyrkymy möhüm çäreleriň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň şertlerinde ýazky gyrkyma aprel aýynyň ikinji ýarymynda girişilýär. Eger-de, ýaz gyrkymy şu möhletden gijikdirilse, onda tomsuň golaýlaşmagy zerarly, goýunlarda möwsümleýin ýüň düşmek hadysasy başlanýar, kähalatlarda olar goturlama keseline hem duçar bolup bilýär. Gyrkyma bellenilen möhletden ir başlamak hem peýdaly däldir, çünki şu döwre çenli, birinjiden-ä, goýunlaryň ýüňi doly ösüp ýetişenok, ikinjiden bolsa, entäk howa birneme salkyn bolýar.

Gyrkymy geçirmegiň möhletleri howanyň ýagdaýy hasaba alnyp kesgitlenýär. Howa durnukly maýlandan soň, ýazky gyrkyma başlamaly.

Çary HANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar