Ter gök önümler ýylyň ähli paslynda

12 Aprel 2021
1469

Milli bahar baýramynyň yzysüre ýurdumyzda ýene bir buýsançly waka bolup geçdi. Welaýatlarymyzyň hemmesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhanalar ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýyladyşhana toplumlaryna ak pata bermegi özleri baradaky aladany her ädimde duýýan hususyýetçilerde ýyladyşhana şertlerinde bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge belent hyjuw döretdi. Täze ýyladyşhanalar azyk bolçulygynyň berkidilmegine, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine mynasyp goşant goşarlar. Türkiýeden, Ispaniýadan, Bolgariýadan getirilen enjamlaryň oturdylmagy, iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanylmagy ýyladyşhanalarda ýokary isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegini kepillendirýär.

Şeýle döwrebap toplumlaryň biri Türkmenbaşy şäherinde-de açyldy. Täze ýyladyşhana telekeçi Myratdurdy Nazlyýewe degişli. Bu ýerde hasyl ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Şamyrat BEGJANOW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».
Beýleki habarlar