Tebigatyň täsin ösümlikleri

12 Aprel 2021
1691

Tebigatda ähli hadysanyň täsin bolşy ýaly, onuň ösümlik dünýäsi hem örän geň we köpdürlüdir. Şeýle täsin ösümlikleriň biri hem «çörek» agajy hasaplanýar. Tutlar maşgalasyna degişli bolan bu agaç adatdakydan has uly miwe getirýär. Agajyň miwesi inçe şahalaryndan däl-de, gönüden-göni baldagyndan çykýar. Onuň miweleri şaha götererden has uly. «Çörek» agajynyň miwesiniň agramy 40 kilograma çenli ýetýär. Agajyň miwesiniň daşynda altynsow-sary gabyjak bolýar. Içinde tagamy kädi hem-de ýeralma meňzeşräk bolan goňurrak hamyr ýaly süýji eti bolýar. Şeýle hem miwäniň içindäki boşluklarda ululygy garalynyňka barabar bolan tohumlary ýerleşýär. «Çörek» agajynyň miwesiniň käbirinde tohum bolmaýar. Bir düýp agaç 100-den gowrak miwe berýär. Bu agaç, esasan, tropik ýurtlarda — Afrikada, Hindistanda, Täze Gwineýada giňden ýaýrandyr. Oňa «çörek» agajy diýilmeginiň sebäbi, miweleriniň etinden ýerli ilat çörek bişirýär, şeýle hem bu miwe gowrup iýilýär. Gowrulan «çörek» miwesiniň tagamy ýeralmanyňka meňzeýär. Sebäbi onuň düzüminde köp mukdarda krahmal bolýar. Bu täsin agajyň birnäçe görnüşi bolup, olar biologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Günbatar Afrikanyň tropik ýerlerinde ýabany ýagdaýda ösýän «çörek» agajynyň miweleri has ownuk, ýagny 14 kilogram çemesi bolýar. Onuň miwesi iýilmeýär, emma ululygy noýba ýalyrak dänesinden un edilip, çörek bişirilýär.

Ýolaman ÝOLAMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar