Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň zähmetsöýer maldarlary dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz iş alyp barmak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda olardan owlak-guzy, köşek almakda uly üstünlige eýe boldular. Ýagny olar şu ýylda dowarlardan 42301 başa derek 42941 baş owlak-guzy, düýelerden 828 baş köşek alyp, bu baradaky bellenilen meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Şeýle guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna birleşigiň Görogly etrabyndaky «Garagum» hem-de S.A.Nyýazow adyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary saldamly goşant goşdular. Şonda olar degişlilikde dowarlardan 22857, 20084 baş owlak-guzy, düýelerden 487341 baş köşek almagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi meýilnamada göz öňünde tutulanyndan has köpdür.