«Kim çopan, kim sürekçi, kim daýhan, kim ekinçi?»

12 Aprel 2021
1356

Ýaşuly adamlaryň biri ýokarky jümläni aýtdy welin, men ony heniz eşitmedik nakyllarymyň birimikä öýtdüm. Ömrüni çopançylykda geçiren goja ýaňky sözüň manysyny tirmäge howlugýanymy aňyp, özüniň çopançylyga baş goşup başlan günlerinden söz açdy:

— Çopançylyga ilki başlan günüm Sary aga meni aý berip, käsi gäwüş çalyp ýatan, käsi dik duran goýun sürüsiniň ýanyna eltdi-de: «Çopan bolmaga geldiňmi ýa-da sürekçi?» diýip sorady. Men çopan bolmak isleýändigimi aýdamda, ol: «Çopan boljak bolsaň, goýnuň ýüzüne seredeniňden onuň halyny bilmegiň gerek. Sürekçi (hakyna tutulýan mal sürüji) boljak bolsaň, onda bu zatlaryň geregi ýok» diýdi. Soňam: «Hol garabaş goýun ýataklap, guzlajak bolup dur. Hol çebşiň wagtyhoşlukdan böwregi bökýär, oýun edesi gelýär. Hol maşal goýun bolsa, dişi kütelensoň, garyn çöpüni alyp bilmändir» diýip, goýunlara ýeke-ýeke häsiýetnama berip başlady. Yzyndanam: «Indi çopan bilen sürekçiniň parhyna göz ýetirdiňmi?» diýdi.

Şöhrat ABDYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar