Muzeý gymmatlyklary gyzyklanma döredýär

11 Aprel 2021
2736

Ýakynda Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan syýahata orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen atlarynyň — meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, ýaşlarda milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän behişdi bedewlerimiziň we ahalteke atşynaslygynyň taryhyna hem-de şu gününe, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerine bolan söýgini ösdürmek, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guralan syýahat uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň barşynda muzeýiň hünärmeni Mahym Bajamowa häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň täzeden dikeldilýändigi, türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenýändigi, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerine bimöçber sarpa goýulýandygy, olaryň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanýandygy dogrusynda gyzykly gürrüň berdi.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SURATLARDA: muzeýe syýahatdan pursatlar.