Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Şunda esasy maksat ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalaryny işläp düzmekden ybaratdyr.
Himiýa — ylmyň möhüm pudagy. Ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Himiýa ylmynyň ösdürilmeginiň diňe bir himiýa pudagynda däl, senagatyň ähli beýleki pudaklarynda hem köp innowasiýalaryň girizilmeginde uly ähmiýeti bar. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden ulanylýar. Çünki himiýa tehnologiýasy çig maly gaýtadan işlemäge, şol bir çig maldan dürli görnüşli önümleri almaga, olary toplumlaýyn ulanmaga mümkinçilik berýär. Gurluşyk pudagy gurluşyk materiallary bolan kerpiç, aýna önümleri, gurluşyk heki, gips, sement, keramiki önümleri talap edýär. Bu önümleriň ählisini almakda himiki prosesler ulanylýar. Tebigy gurluşyk materiallary olaryň emele gelýän ýerlerinden, ýer gabygynyň üstki gatlagyndan alynýar. Emeli gurluşyk materiallaryny bolsa tebigy çig maldan ýa-da senagat hem-de dürli materiallaryň garyndysyndan ýörite tehnologiýa boýunça alýarlar. Şonda fiziki-himiki öwrülişikleriň netijesinde täze häsiýetli täze önümler alynýar.