Seljuklar döwründe merwde neşirýat işi

9 Aprel 2021
3125

Orta asyrlarda Türkmenistanda, Merkezi Aziýanyň beýleki ýerlerinde, Eýranda, Hindistanda patyşalaryň köşgüniň ýanynda gadymy kitaplar saklanylýan we ýokary çeperçilik bilen bezelýän golýazmalary döredýän ýörite döwlet edarasy işläpdir. Şol edaralar öz döwründe «kitaphana» diýlip atlandyrylypdyr. Beýik Seljuk türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy bilen şeýle kitaphanalar döwletiň paýtagty Merwde hem köpçülikleýin gurlupdyr. Elbetde, Merwiň kitaphanalary häzirki zaman kitaphanalaryndan düýpli tapawutlanypdyr. Kitaphanalarda öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlary işläpdir. Olar şol bir wagtyň özünde özboluşly neşirýat, şeýle hem, neşirýat üçin zerur bolan serişdeleri öndürýän ussahana bolup hem hyzmat edipdir.

Kitaphanalara patyşa tarapyndan bellenilýän «kitapdar» baştutanlyk edip, kitaplary ýazmak, olary owadan suratlar, nagyşlar bilen bezemek we jiltlemek işleri kitapdaryň gönüden-göni ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdyr. Kitapdar golýazma kitaplaryny döretmäge gatnaşjak hatdatlary belläpdir, suratkeşiň çekjek suratynyň temasyny, suratyň kitabyň içinde ýerleşjek ýerini kesgitläpdir, nakgaşlara nagyşlaryň görnüşlerini, jiltçilere sahypalaryň we kitabyň daşynyň bezeginiň nähili bolmalydygyny görkezipdir. Şeýle hem, kitapdar kitap üçin zerur bolan ýokary hilli kagyz, syýa, reňk, dürli görnüşli ýelim, galam, çotga, jilt üçin gön we şuňa meňzeş zerur zatlary öndürýän ussahanalaryň işine-de jogap beripdir.

Kuwwatberdi KAKAJYÝEW,
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.