Türkmen sporty dabaralanýar

2 Aprel 2021
1379

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen pähiminden ugur alynýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak üçin ýokary derejedäki sport toplumlary we sport merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan sport meýdançalarynyň, dürli sport desgalarynyň sany barmak basyp sanardan kän. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmekde, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ýardam edýär.

Kakamyrat SÄHETDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.