Sagdyn durmuş ýörelgesi maşgaladan başlanýar

2 Aprel 2021
2154

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şäher we oba ýerlerinde gurlan sport mekdeplerine we desgalaryna diňe bir türgen ýaşlar däl, eýsem uly ýaşdaky, dürli kärde zähmet çekýän raýatlar hem gelip, sport bilen meşgullanýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Oba adamlary sagdyn nesli kemala getirmek we terbiýelemek üçin bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetine doly göz ýetirýärler. Şonuň üçin hem indi bütin maşgala bolup, döwrebap sport mekdeplerinde sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.

Şeýle maşgalalaryň biri hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň R.Ataýew adyndaky geňeşliginde ýaşaýan Tirkeş Babaýewiň maşgalasydyr. 10 çagany terbiýeläp ýetişdiren mährem ene, etrap hassahanasynda şepagat uýasy bolup işleýän Tawus Annaýewa öz durmuş tejribesinden sportuň adamyň saglygyna, çaga terbiýesine oňyn täsir edýändigine gowy düşünýär. Olaryň perzentleri Gahryman, Wepa, Körpe woleýbol bilen gyzyklansalar, gyzy Mamatäç taýboks bilen içgin meşgullanýar. Olar özleriniň boş wagtlarynda obada ýerleşen 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň bazasynda yzygiderli türgenleşýärler. Bu bolsa özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Golaýda «Biz sport maşgalasy» diýen şygar bilen welaýat häkimliginiň, sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, zenanlar guramasynyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen sport bäsleşiginde «Saglyk» topary ady bilen çykyş eden bu maşgalanyň agzalary bäsleşige gatnaşan 11 toparyň ählisinden üstün çykyp, ýeňiji bolmagy başardylar we bäsleşigiň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. Biz mährem ene Tawus Annaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda:

Çowdur GELDIBAÝEW,
Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri.