Edep mekdebi, mähir bulagy Käbe

1 Aprel 2021
1894

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri halkymyz tarapyndan elden düşürilmän okalýar. Okadygyňça-da, ýürege ornaýar. Bu eser «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» diýen dört sany giň we çuň manyly bölümlerden ybarat bolup, onda Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gyzykly we täsirli wakalary çeper beýan edýär.

Ýiti zehiniň miwesi bolan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserdäki Käbä deňelýän eziz we mähriban enä bolan çäksiz söýgi her bir okyjynyň mukaddeslige bolan duýgusynyň inçe taryna kakýar. Ene barada pikirlenip, ak kagyza köňül islegiňi ýazmaga ylham berýär.

Sähragül AŞYROWA,
Balkan welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.