Türkmenistanyň baky Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýýan daşary syýasatynyň ýol-ýörelgesini kesgitleýär we dünýä äşgär edýär. Biz dünýäniň ähli döwletleri, şeýle hem iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýäris. Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýerýär, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar.
Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden edýän her bir çykyşy, teklibi bütün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Sebit hem-de sebitara hoşniýetli gatnaşyklar, halkara ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek, energetika howpsuzlygy, dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen we ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly hem-de parahatçylykly gatnaşyklaryň berkarar edilmegi, ýurtlaryň, yklymlaryň halklarynyň ýakynlaşmagy, olaryň arasynda bähbitli hyzmatdaşlyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda işjeň çykyş edýär. Biziň ýurdumyz dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly hem-de hemişelik bolýandygy baradaky ýörelgä pugta eýerýär. Şonuň üçin hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz dünýä ýaýylýar.