Türgenleriň ussatlygy

1 Aprel 2021
1402

Änew şäherindäki sport mekdebinde erkekleriň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çärelerini, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklary geçirmegiň wagtlaýyn tertibine laýyklykda tomaşasyz geçirilen bu ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerlerinden türgenler gatnaşdy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününi dabaralandyrmak, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda türgenler 100, 200, 400 metr aralykdaky, şeýle-de 4x100 estafetada we uzynlygyna bökmekde ussatlygyny görkezdiler.

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.