Ik başynda ýüp oýnar

31 Mart 2021
1751

Halkymyzyň ik bilen bagly düşünjeleri matallarda, nakyllarda, çeper edebiýatlarda we halk arasynda saklanyp galypdyr. Ata-babalarymyz: «Ak galany aýlanyp, zygyr-zygyr oýun eder», «Ik agajy öýümde, egren ýüpi elimde», «Ik aýlanar her ýana, ýumak dolar bir ýana», «Ikde egren ýüplügim, el işine ýaramly» ýaly birnäçe pähimleri miras galdyrypdyrlar. Türkmen durmuşynda ik bilen bagly halallyk yörelgeleri hem dowam edip gelýär.

Ýurdumyzyň käbir obalarynda ýigit bilen gyzyň durmuş toýunyň ilkinji gününde gyz-gelinlerimiziň bişirýän pişme, gatlakly, çapady, çelpek ýaly birnäçe tagamlaryň hamyry yrym edilip, ussanyň täze ýasan, entek ulanylmadyk ik agajynda ýaýylypdyr. Toýlarda pişme bişirip oturan gyz-gelinler, ik agajyna 7-8 sany pişmäni düzüp, çagalaryň ellerine beripdirler.

Dünýägözel AŞYROWA,
Çärjew etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň mugallymy.