Edebiniň gurbany bolsaň!

31 Mart 2021
1479

Men tomus paslyny mamamlarda geçirmegi halaýardym. Haly we keçe sungatynyň ussady bolan mamam bize arly tomus el işini öwrederdi. Ol «Ulugyz saçyny sallap, bikär, oba-arada söw-söw syryp ýörse halanylmaýar» diýerdi. Pyňkyrsaň, gatyrak gülseň hem halamazdy. «Özüni sylaýan, namysjaň, uýat-haýaly gyzyň sesi ýedi ädimden uzaga eşidilmeli däldir» diýerdi.

Tomsuna mamam goýnuň güýz gyrkymynyň ýüňüni akar suwda ýuwup, soňra saýgyç bilen mazaly saýardy-da, ýüň darak bilen öňümizde goýardy. Biz ýüň darap, halta-halta edip pişge ederdik. Goňşy gyzlar hem gelip ýüň daraşmaga, saýylanda tüýdülmän galan ýüňleri tüýdüşmäge kömek ederdiler. Şol ýerde hem gyzykly gürrüňler edilerdi.

Arazbagt PALTAÝEWA,
TOHI-niň talyby.