Baýram han Türkmeniň watançylyk hem ynsanperwerlik pelsepesi

31 Mart 2021
1481

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan halk bähbitli başlangyçlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhyny, beýik akyldarlarynyň, meşhur şahsyýetleriniň, görnükli serkerdeleriniň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy Karary esasynda geçirilýän «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forum hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň beýik ogly, nesillere nusgalyk harby gahrymançylyk ýörelgeleri, şeýle hem çuň many-mazmunly, ajaýyp eserleri döreden Muhammet Baýram hanyň edebi mirasy möhüm ähmiýete eýedir.

Myrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.