«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz belent üstünliklere eýe bolýar, dünýädäki abraýy has-da ýokarlanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen, dünýäde we sebitde ähmiýetli orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Türkmenistan şu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk dörediji merkeze öwrülýär. Biz muny hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginde hem aýdyň görýäris. Şeýle parahatçylygy döredýän eziz Diýarymyzda hem şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Munuň özi çuňňur many-mazmuna eýe bolup, sebitde we dünýäde parahatçylyk ýörelgelerini wagyz etmäge, asylly başlangyçlary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik bolup durýar.