Milli terbiýe — kämilligiň mekdebi

28 Mart 2021
1516

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgesi kämilligiň mekdebidir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde şol ýörelgelere eýermek, milli terbiýäni, asylly ýörelgeleri ylmy esasda öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda milli terbiýäniň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi aýdanyňda milli terbiýe pähimdar pederlerimiziň durmuşa ornaşdyran hem-de kämillik derejesine ýetiren gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimize aýratyn sarpa goýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerinde hem bu gymmatlyklar barada çuňňur manyly sözler beýan edilýär.

Rozygül BORJAKOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji kömekçi mekdep-internatynyň mugallymy.
Beýleki habarlar