Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde suw ulaglary hakynda maglumatlar

28 Mart 2021
1416

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde şeýle setirler beýan edilipdir: «Gaýygyň deňizdäki tolkunlara döz gelip bilşini üns bilen synlap görüň, haýsy gaýyk agramly bolsa, şol hem erkana, rahat ýüzüp ýörendir. Käbir ýeňil hem kiçi gaýyklar üçin tolkunam gom deýin howply, agramly gaýyklardan bolsa tolkunam, gomlaram sowlup geçýän ýalydyr. Eziz Watanymyzyň taryhyna içgin aralaşdygyňça, Türkmenistanyň hem uç-gyraksyz ymgyr ummanda ýüzyän ak gämi kimin taryhyň ähli müňýyllyklarynda gabat gelen islendik päsgelçilikden geçip, kürekleriniň badyny gowşatman, öňe bat alyp gelýändigine magat göz ýetirýärsiň. Munuň özi parasatly nesilbaşymyz Oguz hanyň esaslandyran döwletine owalbaşda beýik Perwerdigäriň bagt ýyldyzyny serpaý ýapandygyndan nyşan».

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyz üçin ulanan “ak gämi” meňzetmesi tötänden däldir. Çünki çaýkanyp, tolkun atyp duran deňizde öňe tarap okdurylyp barýan gämini göz öňümize getirenimizde şöhratly taryhymyz serimize aýlanýar. Taryhymyza içgin aralaşdygyňça buýsanjyň artýar. Şöhratly taryhymyzda buýsanjymyzy arşa çykarýan milli miraslarymyzyň biri-de Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” atly eseridir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar