Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
AŞGABAT, 25-nji mart (TDH). Şu gün türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen DIM-de wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.