Milli terbiýäniň asylly ýörelgesi

25 Mart 2021
1525

Gadymy Gündogarda şeýle pähim bar: «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, ekin ekip, hasyl alyň! On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň! Ýüz, müň ýylyň aladasyny etseňiz, sowatly, halal nesli ýetişdiriň!». Türkmen halky hem paýhasly pederlerimizden dowam edip gelýän halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini gözüniň göreji deýin aýap saklaýan halkdyr. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys» diýip belleýär. Şeýle watansöýüji we milli mirasymyza sarpaly nesilleri terbiýelemekde zähmet terbiýesiniň orny örän möhümdir.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan zähmetsöýer halkymyzyň özüne mahsus däp-dessurlary bar. Şolaryň esasynda dünýä inen çaga edep-terbiýe bermek, ony ene-atasyna, dogan-garyndaşyna, il-gününe hormat goýýan, zähmetsöýer, jemgyýete peýdaly şahsyýet edip terbiýelemek iň bir möhüm mesele hasaplanypdyr. Munuň üçin çagalara, ilkinji nobatda, onuň maşgalasy görelde mekdebi bolupdyr. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz çaga terbiýesinde olary başarnyklaryna görä zähmete çekmegiň çaganyň terbiýesine edýän oňyn täsiri, ýaşlykdan zähmet çekmegi öwrenen çaganyň ulalanda halal, ilhalar ynsan bolup ýetişýändigi barada gymmatly öwüt-nesihatlar galdyryp gidipdirler. Öýde ogul perzent bolanda ony ýaşlykdan hünär öwrenmäge, daýhançylyga, ussaçylyga, hünärmentçilige çekipdirler. Gyz maşgala bolsa el işlerini, biş-düşi öwredipdirler. Kakasyndan ýagşy görelde alan, hünär öwrenen ogluň, ejesinden oňat terbiýe alyp, öý işlerini kemsiz öwrenen gyz perzendiň ulalyp, özbaşdak maşgala bolanlarynda hem durmuşynda kynçylyk, kösençlik bolmaýar.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.
Beýleki habarlar