Behişdi bedewler — milli buýsanjymyz

23 Mart 2021
1633

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ata-babalarymyz ýel bilen bäsleşýän ýüwrük atlary ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohumçylygyny gowulandyrmaga uly üns beripdirler. Olar atlara uly hormat goýup, ajaýyp syn-sypatly, täsin gylyk-häsiýetli bedewleri özleriniň ýakyn dosty, wepaly ýoldaşy hasaplapdyrlar» diýip bellemek bilen, behişdi bedewlerimize aýratyn sarpa goýýar, olary halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy hasaplap, bedewler bilen ýygy-ýygydan didarlaşmaga wagt tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralarynyň giň gerim alan günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna barmagy we ol ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşmagy hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol ajaýyp pursatlary «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa edenimizde Gahryman Arkadagymyzyň gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize goýýan sarpasyna aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Toý-baýramlarymyzyň esasy bezegi we ýaraşygy bolan, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary ählimiziň toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziňak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýmagy bolsa, buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Çingiz SEÝLIÝEW,
Gökdepe etrabynyň prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar