Tebil tapyp, rowşan tursa

22 Mart 2021
3564

Şahyryň ussatlyk bilen wasp edişi ýaly, bahar gelse, tebigat janlanýar, läle-reýhan güller parç bolup açylýar. Şonuň bilen birlikde, ynsanlaryň göwni hem joşa gelýär. Şeýle pursatlarda tebigata gezelenje çykyp, onuň täsinliklerini, gözelligini synlap doýup bolmaýar. Alabahar günlerinde gök gübürdäp, maýylganlyk bilen ýagyş ýagyp, ertesi-de Gün çyksa dagy, bar onsoň...

Bahar bereketli gelse, Köpetdagy alkymlap oturan obamyzyň daş-töweregi, dag etegindäki düzlükler, baýyrlyklar gözel görnüşe eýe bolup, ol ýerlere maşyndyr motorly, welosipedli ýa-da pyýada kömelek çöplemäge, çigildem gözlemäge gezelenje çykýan uly ýaşly adamlar, çagalar köpelýär. Türkmenbaşy — Aşgabat ýokary tizlikli awtoulag ýolundan geçip barýanlar, eziz Diýarymyzda mukaddes ýerleriň biri bolan Parawbibi aramgähine zyýarata gelýänler hem olara goşulyşýarlar.

Toýjan MÄMMEDOW.