Bir belent ykbal sen, türkmen bedewi!

22 Mart 2021
3761

Gahryman Arkadagymyzyň parasat düründen döwrümize, ömrümize ýalkym saçýan bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty aýratyn bir ähmiýete eýe boldy. Gadym döwürlerden bäri türkmen ýigitleriniň uçar ganaty, ýoldaşy hem göwündeşi hasaplanyp gelnen bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ýaşaýyş-durmuşyndaky rowaçlyklaryň we şowlulyklaryň nyşany, toý-baýramlaryň bezegi bolup, ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň-da, çarpaýa galyp dur.

Şan-şöhraty dünýä ýaýran halkymyz alma gözli, gyz gylykly, ýelden ýüwrük bedewleri bilen uzak ýyllary külterläp, bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetdi. Özem geçen döwürleriň nähilidigine seretmezden, syrdaş hasaplan atlarynyň şöhratyny ynsanlyk at-abraýy ýaly belent saýyp, mertebesini arşa göterdi. Halkymyzyň durmuşynyň görnetin beýany bolan kyssalarda, dessanlarda we ertekilerde bedew atlarymyzyň elmydama goç ýigitlerimiz bilen bitewülikdäki keşbi il-ulsuň ykbalyna täsir edip, durmuşynyň hemaýatkäri saýylýar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».