3. Parahatçylyk sazy
Adamzat döräli bäri kemala gelen jemgyýetleriň esasy wezipesi parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolup durýar. Türkmen jemgyýeti üçin şol binýat baky Bitaraplygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby bu babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Kitapda halkara gatnaşyklarda aýratyn fenomene öwrülen bu hadysa türkmen mentaliteti, has takygy, dünýäni türkmençe görüş pelsepesi nukdaýnazaryndan baha berilýär. Dünýäniň islendik künjeginiň özara baglanyşygynyň has-da güýjeýän şertlerinde baky Bitarap Türkmenistanda «hoşniýetli goňşuçylyk» düşünjesiniň diňe bir özüne serhetdeş däl-de, alysdaky döwletler babatda-da giňden ulanylýandygy nygtalýar. Gürrüňi edilýän kitapda meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşa bagyşlanyp döredilen eser esasynda halkymyzyň asyrlarboýy ygrarly bolan ýol-ýörelgeleriniň döwrebap meseleleri çözmekdäki orny açylyp görkezilýär. Bu gymmatly kitap hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly pikirleriniň özboluşly beýanydyr.