«Gelse Nowruz äleme»

15 Mart 2021
1446

Hormatly Prezidentimiziň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmeklik ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen halky Milli bahar baýramyny uly dabara bilen giňden belläp geçýär. Bu baýram bilen baglanyşykly käbir däp-dessurlar gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýär.

Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde täze ýyl Jemşidiň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Ajam iliniň hökümdary Jemşit ýurtda ýagşylyk etmek maksady bilen adamlara kesp öwredýär. Demir eredip, gural ýasadýar, ýüp egirdip, geýim dokadýar, ymaratlar gurdurýar. Tebiplik syrlaryny açýar, gämi ýasadýar, bag ekdirýär. Ahyry işleri rowaçlanyp başlansoň, çeken zähmeti rehnet eçilende, tagt ýasadyp, onda asmana göterilýär. Rowaýata görä, şol gün Nowruz baýramy bellenilýär. Bu baýramyň Jemşidiň häkimliginden öň hem baýram edilendigini Birunynyň özi şeýle belleýär: «Bu güne Jemşitden öň hem hormat goýulýan eken, emma onuň baýrama öwrülmegi hut Jemşidiň zamanasy bilen baglanyşyklydyr».

Myrat ÇARYÝEW,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktory.