Bagt ojakdan başlanýar

12 Mart 2021
2139

Ynsan mertebesi, saglygy, abraýy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde has ileri tutýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan bu syýasat Garaşsyz Diýarymyzyň, milli Liderimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir özgertmeleri, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini günsaýyn ýokarlandyrmaga, il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasatda türkmen zenanyna — enelere, gelin-gyzlara bolan hormat-sarpanyň dünýä nusgalyk derejä göterilendigi biziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Gunça NURYÝEWA,
Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi. Surata düşüren Andreý PAKULOW.