Ene eli — em, dili — melhem

7 Mart 2021
1344

Çagany ýaşlykdan edep-terbiýeli edip ýetişdirmekde iň mähriban ynsanlar hasaplanýan eneleriň alyp barýan işlerini bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bilen deňeşdirmek bolar. Eziz eneleriň görüm-göreldesi çagalar üçin nusgalyk mekdepdir. Olar öz perzentlerini durmuşyň gül-gunçalary hasap edýärler. Ine, şol ezizleri ata-eneleriň ýaşaýşynyň bezegine öwürmek möhüm işdir. Munuň üçin terbiýeçilik işleriniň täsirliligi zerur. Şeýle etmek üçin bolsa, ata-eneleriň mugallymlar bilen ysnyşykly işlemegi, çagalara iki tarapdan edilýän terbiýeçilik täsiriniň bir maksada — olary asylly sypatlarda terbiýelemäge gönükdirilmegi möhümdir.

Ata-eneler bilen söhbetdeşligi ýörite synp sagatlarynda geçirmek bolar. Munuň üçin synp sagatlarynyň geçirilişine üns bereliň! Ýagny, mugallym enelere bagyşlap Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän synp sagadynyň maksadynda çagalarda enä bolan söýgini ösdürmegi, olaryň il-gün üçin, Watan üçin bitiren hyzmatlaryny okuwçylaryň aňyna ýetirmegi göz öňünde tutmalydyr.

Kümüş BEGIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy.