Gül açylar baharda

4 Mart 2021
2040

Ýer togalagynyň öz okunyň daşyndan aýlanyp durmagy bilen tebigatda pasyllar çalşyp durýar. Heňňam döräp dowam edip gelýän bu kada, ine, bu gün bahar-ýazyň dünýämize hem kalbymyza dolmagyna sebäp boldy. Her gezek ýaz paslynyň ilkinji güni Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri kalbyma dolýar:

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar),
Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi,
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.