Bagtly çagalygyň mekany

3 Mart 2021
1180

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Bagtly çagalygyň, arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurdy bolan Türkmenistan Diýarymyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi, kämil tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak çagalar baglarynda öwredilýän ýönekeý düşünjelerden gözbaş alýar. Çaganyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, onda zähmet endiklerini terbiýelemek, zähmete hormaty kemala getirmek hem biziň — terbiýeçileriň borjy bolup durýar. Sebäbi zähmete hormat goýýan, halal zähmeti söýýän adam jemgyýetiňem bezegidir.

Amansoltan ÝARYÝEWA,
Serdar şäherindäki 15-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.