Nesil terbiýesiniň gözbaşy

26 Fewral 2021
1373

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ylym-bilim bolsa dünýäniň açarydyr. Şeýle bolansoň, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasaty bu ulgamy döwrebap ösdürmekde, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek meselesini oňyn çözmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki ösen şahsyýeti kemala getirmek ýurduň kuwwatlanmagynyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň düýp özenidir.

Ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elek- tron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa sowatly ýaşlaryň kemala gelmegine hem-de döwletimiziň ösüşlerine esas bolup durýar.

Amansoltan ANNAGYLYJOWA,
Balkanabat şäherindäki 4-nji «Çynar» çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.