Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak şäherimiz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň binagärlik hem döredijilik ussatlygyndan, paýtagtymyzy ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryndan gözbaş alyp, Gündogaryň merjen şäherine, parahatçylyk dörediji merkeze we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-siniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa türkmenistanlylaryň baş şäherimize bolan buýsanjyny artdyrýar.
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirip, şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümi, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklary, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça täze taslamalar bilen tanyşdy.