Dil — bilimiň binýady

25 Fewral 2021
1313

Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça täze tehnologiýalary okuw işinde giňden ulanmak we yzygiderli kämilleşdirmek meselesi Konsepsiýanyň ilkinji nobatdaky wezipeleridir.

«Dünýä dilden başlanýar» diýilýär. Elbetde, ýakyn gatnaşyklar, dostluk hem dilden başlanýar. Dostluk ýollary dünýäniň çar ýanyna uzaýan Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň iki-üç dili bilmegine uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerimizde daşary ýurt dilleri okadylyp gelinýär.

Enejan URAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.