Watanyň daýanjy — edepli ýaşlar

24 Fewral 2021
1185

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, edep-terbiýe babatynda miras galdyran däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň biziň — hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde goýýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda ýaşlaryň edep-terbiýeli bolup ýetişmelidiklerini, jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmelidiklerini ündeýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan peýdalanyp, dürli tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen ýaşlary edepli-terbiýeli bolmaklyga, zyýanly endiklerden daşda durmaklyga çagyrýarys.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle setirler bar: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr». Şundanam görnüşi ýaly, watansöýüji, ahlak taýdan arassa ýaşlary ýetişdirmek, olara ulyny sylamak, kiçini söýmek, il- -günüňe, halkyňa wepaly bolmak ýaly kadalary öwretmek her bir maşgalada ene-atanyň, mekdepde mugallymyň, çagalar bagynda terbiýeçiniň öňünde mukaddes borç hasaplanýar. Çünki edep-terbiýeli ýaş nesil Watanyň daýanjydyr.

Yhlasberdi HOJAGELDIÝEW,
Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekiller bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.