Eksport mümkinçiligi giňeýär

24 Fewral 2021
1652

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilmegine kuwwatly itergi berýär. Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan depginli we durnukly ösdürmekde Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da ýokary netijeler gazanyldy. 2020-nji ýylda gazanylan uly üstünliklere ruhlanan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna ýagşy umyt-arzuwlar bilen gadam basdy.

Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlete degişli bolmadyk çygryň — telekeçiligiň ösdürilmegine iňňän uly ähmiýet berilýär. “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýmek bilen hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýär. Hususyýetçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilýär. Telekeçileriň ýadawsyz aladalary bilen ýokary hilli harytlaryň we önümleriň bolçulygy döredilýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz önüm öndürijileriň öňünde daşary ýurtlara eksport edilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri goýdy. Şu iňňän wajyp wezipäniň oňyn çözgüdinde telekeçilere uly ornuň degişlidigini ýatlamalydyrys.