(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)
Türkmensähranyň ilatynyň agramly bölegi türkmen diliniň ýomut şiwesinde gürleýär. Eýranda ýaşaýan türkmenler pars dilini hem suwara bilýärler. Türkmenler özleriniň ýaşaýan ähli welaýatlarynda pars, kürt, buluç, arap we beýleki etniki halklar bilen dost-doganlykly gatnaşyklary saklap, agzybirlikde ýaşaýarlar.