Ylym: baş maksat — netijeliligi has-da ýokarlandyrmak

23 Fewral 2021
2364

Hormatly Prezidentimiziň önümçilige ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak babatdaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň hususy işewürleri hem öz alyp barýan işlerini ylmy esasda guramaklyga we kämilleşdirmeklige uly ähmiýet berýärler. Muňa olaryň her hepdäniň şenbesinde ýörite ylmy gün hökmünde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolup, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän ýer eýeleriniň, beýleki adamlaryň gatnaşmagynda dürli oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, olardan alynýan önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmagyň ylmy esaslary, iş usullary, ugurlarydyr mümkinçilikleri barada özara maslahatlaşyp durmaklary-da aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunda her hepdäniň şenbe gününi ylmy gün hökmünde yglan edip, her gezek saýlanyp alnan haýsydyr bir ugur boýunça ýörite maslahatlary geçirmek başlangyjy «Ter önüm» hojalyk jemgyýetine degişlidir. 2018-nji ýyldan başlap şeýle maslahatlar hojalyk jemgyýetiniň öz binasynda guralýardy. Soňabaka gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sanynyň barha artmagy bilen, onuň gerimi has-da giňeldi. Indi bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde yzygiderli geçirilip gelinýän şeýle maslahatlar özara pikir we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ýola goýlan çäre bilim bilen tejribäniň utgaşdyrylmagy, gatnaşyjylaryň, şol sanda talyplaryň ylmy düşünjeleridir amaly başarnyklarynyň baýlaşmagy babatda-da bähbitlidir.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».