Röwşen geljegiň binýady

23 Fewral 2021
1183

Ýaş nesli ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olary ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede, sanly bilim ulgamyndan ussatlyk bilen baş çykarýan, bilimli, terbiýeli, sagdyn bedenli hünärmenler edip ýetişdirmek döwrüň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Watany söýmek, goramak, onuň dünýädäki at-abraýyny ýokary götermek belent borçdur. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ajaýyp eserlerinde hem Watanyň ezizligini kalbyňa siňdirip, oňa ak ýürekden gulluk etmegiň belent borçdugy beýan edilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda Watan goragçylary hakyndaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň hem-de olara watançylyk terbiýesiniň berilmeginiň wajypdygyny nygtap belledi.

Agajan ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kafedra müdiri.