Wajyp ugurlarda beýik maksatlar

22 Fewral 2021
1307

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ähli babatda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurt Baştutanymyzyň 19-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem döwlet durmuşyna degişli ugurlarda derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak esasynda taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

«Watan».