Köňüller buýsanja beslenýär

22 Fewral 2021
1314

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary bilen Türkmenistan döwletimiziň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Resminamada «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlere, hususan-da, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagynyň asylly däbe öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. Bu resminamada Garaşsyz ýurdumyzyň taryh taýdan gysga möhletiň içinde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplandygy aýratyn bellenilýär.

Begençmyrat ILAMANOW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň müdiriniň orunbasary.