Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

22 Fewral 2021
1163

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk özgertmelerinde jemgyýetiň we döwletiň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak esasy ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň hukuk ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar. Hormatly Arkadagymyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmek we kanun çykaryjy ulgamyň işini kämilleşdirmek babatdaky başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynyň düýp özeninde hem milli demokratik ýörelgelere eýermegiň, ata-babalarymyzyň baý tejribesini ulanmagyň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagyň, öňdebaryjy dünýä tejribesinden peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen eziz Watanymyzda kanunçylyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär we hukuk goraýjy edaralaryň jemgyýetçilik kabul edişligi tarapyndan ilatymyza kanunlary düşündirmekde möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Mähriban halkymyz bu gün milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň konstitusion hukuklaryndan we azatlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp erkana ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi jemgyýetde Kanuna hormat goýulmagyny, raýatlaryň hukuk medeniýetiniň derejesiniň, hukuk biliminiň ýokarlandyrylmagyny, kanuna boýun bolmak üçin höweslendiriş ulgamynyň döredilmegini, borçlary ýerine ýetirmek we hukuk kadalary berjaý etmek pikiriniň jemgyýetçilik aňyna girizilmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny kesgitleýän, raýatlarymyzyň hukuklarynyň ygtybarly goraglylygyny kepillendirýän Baş Kanunymyzdyr» diýip bellemegi hem Baş Kanunymyzyň hukuk ulgamynyň pugta binýadydygynyň aýdyň ykrarnamasydyr.

Şamyrat ANNAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.