Ýolumyza nur çaýýan eserler

19 Fewral 2021
1453

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly ruhubelentlige beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär.

Gahryman Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň il-günümiziň bagtyýarlygyna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasy bolan ajaýyp eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem mähriban Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän kitaplary hemişelik ýankitabymyzdyr. Döwlet Baştutanymyzyň her bir eseri ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde bize ýakyndan ýardam edýär. Şolaryň hatarynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny hem görkezmek bolar. Kitapda pederlerimiziň geçen şöhratly ýoly rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Onda beýan edilen wakalar halkymyzyň ata Watana, ene topraga bolan buýsanjynyň örän ýokarydygyny açyp görkezýär.

Humaýgözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.