Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr

19 Fewral 2021
1774

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Şol resminamanyň ady şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen milli şygaryna hem doly laýyk gelýär.

Şu ýylyň şygary taryhyň sahypalaryna siňen geçen, 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygary bilen sazlaşykly baglanyşyklydyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynyň dowamynda baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň dürli meselelerini beýan etmäge hem-de häzirki wagtda tutuş adamzadyň esasy wezipeleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.