Halkara ähmiýetli hyzmatdaşlyk

19 Fewral 2021
1370

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sebit, tutuş dünýä bähbitli şanly wakalar bilen başlandy. Ýylyň başynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem iki goňşy döwletiň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu taslamalaryň bilelikde amala aşyrylmagy bolsa, iki goňşy döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gysga wagtda amala aşyrylan bu üç taslamanyň umumy maksady iki goňşy döwletiň uzak möhletleýin syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi bermekden ybaratdyr. Ikitaraplaýyn taslamalar türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine, abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Dostana hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanylmaga berilmegi iki döwletiň bilelikdäki ulag-üstaşyr kuwwatyny, energetika we kommunikasiýa pudaklaryndaky halkara ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etmäge mümkinçilik berer.

«Saglyk».