Türkmenistan — bagy-bossan

18 Fewral 2021
1310

Her ýylky nahal ekmek däbine eýerýän bagtyýar halkymyzyň kalby täze ruhy joşgundan pürepürlendi. Bu belent hyjuw-hyruç hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmekden gözbaş alýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzyň goýry ýaşyl baglary hem ýurdumyzy, hem ömrümizi gözellige besleýär.

Nahal ekýäs hatar çekip, nagyşlap,
Baglar ýurdy — eziz Türkmenistanym!
Ýaşyl ýaşaýyşy dünýä bagyşlap,
Reýhan ýurdum — eziz Türkmenistanym!

Süleýman ILAMANOW,
«Edebiýat we sungat».