Barha rowaçlanýan daşary syýasat

18 Fewral 2021
1183

Türkmenistan döwletimiz daşary syýasatda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara beslenýär. Şol taryhy wakalar ýurdumyzyň ösüşiniň saýlanyp alnan, kesgitlenilen syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugrunyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygynyň netijesidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýar. Ol taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Türkmenistan özüni dünýäde bagt hem eşret, dostluk hem bagtyýarlyk höküm sürýän ýurt, ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan döwlet hökmünde tanatdy. Munuň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegini hem-de onuň dünýä bileleşigindäki ornunyň barha ýokarlanmagyny üpjün edýändigi baradaky hakykat bar. Çünki hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni bolmak bilen, ýurdumyzyň ösmegi we özgermegi üçin oňyn sebit hem-de halkara şertlerini döredýändir. Hemişelik Bitaraplyk bähbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşlere bolan islegleri jebisleşdiriji halkara hukuk guraly bolup, adamzat bähbitlerine, täze başlangyçlara giň ýol açýar. Şu jähetden hem Türkmenistan döwleti öz daşary syýasatyny Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylykda alyp barýar.

Laçyn PÜRJÄÝEWA,
«Adalat».