Hasyl bolan arzuwlar

18 Fewral 2021
1358

Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde adam hukuklaryny berjaý etmekde Türkmenistan oňyn tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty esasynda, ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça dowamly işler alnyp barylýar. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynda adam baradaky aladalaryň ilkinji orunda durýandygyny äşgär edýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi, işgärlerimiz üçin döwrebap şertleriň döredilmegi, her bir harby gullukçynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, raýatlarymyza ýokary hilli migrasiýa hyzmatlarynyň berilmegi üçin kämil, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy biziň işe bolan hyjuwymyzy artdyrýar we harby gulluga bolan borçlarymyzy has-da ýokarlandyrýar.

Şatlyk SILAPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.